Patyşa Salman adyndaky awtoulag klasteriniň çäklerinde Patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) “Hyundai Motor Manufacturing Middle East” (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen “Hyundai Motor Company”-nyň bilelikdäki kärhanasydyr. Bir trillion dollar töweregi aktiwleri dolandyrýan PIF häzirki wagtda HMMME-iň 70 göterimine, galan 30 göterimine bolsa, “Hyundai” eýeçilik edýär.
“Hyundai”-yň Ýakyn Gündogarda ilkinji zawody 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde awtoulag önümçiligine başlar. Zawodda her ýyl 50 müň awtoulag, şol sanda içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglar we elektroulaglar öndüriler.
PIF-de müdiriniň orunbasary we Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebiti üçin maýa goýumlar bölüminiň başlygy a Ýazid A.Alhumeýd, gazna üçin bu wakanyň ähmiýetini belläp, onuň Saud Arabystanynyň awtoulag pudagyny güýçlendirjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, PIF, strategiki hyzmatdaşlygyň üsti bilen ýurduň awtoulag ekoulgamynyň ösüşine itergi berer, ýerli başarnyklary ösdürer, ösen tehnologiýalary çekmäge we awtoulag pudagynda ýokary hünärli iş orunlaryny döretmäge kömek eder.
“Hyundai Motor Group”-yň başlygynyň orunbasary Jehon Çang zawodyň düýbüniň tutulmagyny, Saud Arabystany we “Hyundai” üçin täze eýýamyň başlangyjy diýip atlandyrdy. Bilelikdäki kärhananyň “Vision 2030” meýilnamasyna laýyklykda, ösen başarnyklary we tejribeleri üpjün etmek arkaly sebit zehinleriniň ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.
Täze zawod ýerli işçi güýjüniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, müňlerçe iş ýerini döreder we bilim alyşmagy we başarnyklary ösdürmegi üpjün eder. “Hyundai”-yň awtoulag önümçiligi Saud Arabystanynyň awtoulag we ulag ekoulgamynyň ösüşini çaltlaşdyrar. Bellenilişi ýaly, HMMME zawody we “Hyundai” bilen hyzmatdaşlyk PIF-iň awtoulag pudagynda Saud Arabystanynyň ornuny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň bir bölegidir.