2-4-nji aprelde paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçiriler.
Häzirki wagtda sergä gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-si hasaba alyndy hem-de hasaba almak işi dowam edýär. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkeziler. Ýurdumyzda halkara maslahatlar, sergiler yzygiderli guralýar, bu bolsa daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.
27-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergini ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
PDF









