Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, sergä gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, telekeçiler, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä hem-de halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Gutlag hatynda – Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň 100-den gowrak döwletinden dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara, uly tejribä eýe bolan iri kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn hyzmatdaşlygyň tejribesi has-da baýlaşýar, gerimi giňelýär. Bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we ondan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan oýlanyşykly işleriň netijesinde maýa goýum, söwda babatda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyz täze sepgitlere çykarylýar – diýlip bellenilýär.

Sergä ýerli önüm öndürijiler bilen bir hatarda Türkiýe, Hytaý, Russiýa ýaly daşary ýurt kompaniýalary hem gatnaşýar. Sergide enjamlaryň, tehniki serişdeleriň, demir önümleriniň we gurluşyk harytlarynyň, himiki serişdeleriň, beýleki önümleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Gözden geçirilişde 100-e golaý ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar öz önümlerini görkezýär.
Sergi 4-nji aprelde öz işini tamamlaýar.
PDF









