Syýahatçylyk pudagynda jahankeşdelere ýylyň-ýylyna dürli mümkinçilikler, amatly şertler, gaýtalanmajak başdangeçirmeler hödürlenýär. Bu, esasan, syýahatçylaryň isleglerini nazara almak bilen bagly bolup, şolaryň arasynda gyşyna dynç alýan myhmanlar üçin ýylda ýörite gurulýan buz myhmanhanalary aýratyn ünsi çekýär. Göz öňüne getiriň, gyşyň aňzakly sowugy, ap-ak dona bürenen tebigat we şol ýerde-de buzdan bina edilen myhmanhana. Buz myhmanhanalary sowuk howany gowy görýän syýahatçylar üçin niýetlenip, daşyndan aşa sowuk ýaly bolup görünýän hem bolsa, içerdäki temperatura otag şertinde –17/–23 derejede saklanýar. Myhmanhanadaky ähli zat: diwarlar, basgançaklar, lýustralar, stoldyr oturgyçlar, kürsüler, diwanlar buzdan ýasalýar. Hatda gap-gaçlar hem buzdan. Gazetimiziň şu sanynda dünýädäki iň uly buz myhmanhanasy baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Şwesiýanyň Ýukkasýarwi sebitinde ýerleşýän «Icehotel» myhmanhanasy gardan we buzdan gurlan dünýädäki ilkinji hem-de iň uly myhmanhana hasaplanýar. 35 ýyldan gowrak wagt bäri myhmanlary garşy alýan bu ýerde gardan we buzdan ýasalan sungat gurnamalary, eksponatlar ýylyň-ýylyna täzeçe görnüşde ýasalýar. Buz basgançaklary, buz lýustralary we buzdan döredilen kartinalary bilen syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan «Icehotel» myhmanhanasy hökman baryp görmeli ýerleriň biri hasaplanýar. Buz myhmanhanasynda doňan kitaphana, emeli tupan, Arktika heýkelleri ýaly gyzykly bölümler hem bar. Bu ýere dynç almaga baran myhmanlar ýüň düşekleriň ýa-da galyň sugun derisiniň üstünde uklaýarlar. Tutýan meýdany ýarym gektara (6 müň inedördül metr) barabar bolan tebigy myhmanhana sowukdygyna garamazdan, rahat dynç almaga mümkinçilik berýär. Gijesine polýar yşyklaryna gizlenen bu ýerde itli ýa-da sugunly tirkegde gezelenç edip bolýar. «Icehotel» 1989-njy ýyldan bäri 1 milliondan gowrak syýahatçyny kabul etdi. Myhmanhanany gurmak üçin Torne derýasyndan müň tonnadan gowrak buz bölekleri getirilýär. Her ýyl tutuşlygyna gardan we buzdan täzeden gurulýan «Icehotel» myhmanhanasy ýaz paslynyň gelmegi bilen eräp, derýa goşulýar.
PDF









