Hä­zir­ki wagt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ma­gy­na hö­kü­met­ler gol­daw ber­ýän bol­sa, hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar hem mu­nuň üçin tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Bu ugur­da iş­le­ýän­ler di­ňe elekt­rou­lag ýa-da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry däl, eý­sem, beý­le­ki pu­dak­lar­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar hem iş alyp bar­ýar­lar. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da öý we ofis me­bel­le­ri­ni we ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny sat­ýan IKEA hem go­şul­dy. “Ing­ka Group” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Jes­per Bro­din 2025-nji ýy­la çen­li IKEA-nyň ha­ryt­la­ry­ny müş­de­ri­le­riň sal­gy­sy­na el­tip ber­ýän äh­li ýük ulag­la­ry­nyň elekt­rou­lag bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Me­bel önüm­le­ri­ni sat­ýan dün­ýä­niň iň uly bö­lek söw­da kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan IKEA dü­kan­la­ry­na Ni­der­land­la­ryň “Ing­ka Group” kom­pa­ni­ýa­sy eýe­çi­lik ed­ýär. Şwe­si­ýa­nyň IKEA kom­pa­ni­ýa­sy gur­na­ma­gy aň­sat bo­lan hem-de ar­zan ba­ha­ly me­bel­le­ri ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Kom­pa­ni­ýa 2030-njy ýy­la çen­li daş­ky gur­şa­wa de­giş­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Eý­ýäm kom­pa­ni­ýa kä­bir şä­her­de sar­gyt edi­len ha­ryt­la­ryň müş­de­ri­le­riň öý­le­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar­da ibe­ril­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.


Al­ty­my­rat Aga­ja­now, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my