Ýangyjyň haýsydyr bir görnüşi bilen hereket edýän ýük ýa-da ýolagçy ulaglarynyň arasynda otly ilkinji hasaplanýar. Adamlar irki döwürlerde ýeriň astyndan kömür ýa-da başga bir dag-magdan senagatyna degişli gurluşyk serişdelerini çykarmakda relsiň üstünde hereket edýän arabalardan peýdalanypdyrlar. Ilkinji tramwaýlar hasaplanýan relsiň üstünde ýöreýän ulurak furgonlar at bilen çekilipdir. Hereketlendirijileriň peýda bolmagy bilen bu furgonlaryň sany artdyrylyp, ulurak ýolagçy otlulary emele gelipdir. Ilkinji otlular XIX asyryň ortalaryndan hem aňyrda peýda bolýar. Otly iň arzan we amatly gatnaw serişdesi hasaplanýar. Häzirki wagtda ýokary tizlikli ýolagçy otlulary sagatda 400 kilometrden hem köp aralygy geçýär. Hemme ýerde gabat gelmese-de, otlularyň arasynda iki gatlylary hem bar. Ilkinji iki gatly otlular 1870-nji ýyllarda peýda bolýar. Şondan bäri iki gatly ýolagçy otlularynyň dürli görnüşleri öndürildi. Bu otlularyň esasy aýratynlygy demir ýol ugurlaryny has netijeli peýdalanmaga we gatnawyň özüne düşýän bahasyny peseltmäge mümkinçilik berýär.
Iki gatly ýolagçy otlular Fransiýada has giňden ulanylýar. Häzirki wagtda ýurduň milli demir ýol edarasy tarapyndan peýdalanylýan ýokary tizlikli TGV otlulary 1995-nji ýylda öndürilip başlanýar. Ýyllarboýy kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylan otlular 580 ýolagçy orunlyk bolup, iň köp gatnawly ugurlarda peýdalanylýar. Wagonlarda penjireleriň ýerleşdirilişi hem tebigy yşygyň has köp içeri girmegine şert döredýär. Ýolagçylara otluda 5G, Wi-Fi we beýleki döwrebap hyzmatlar hödürlenýär. Ýakyn geljekde TGV otlularynyň 5-nji nesli ulanmaga berler. Sagatdaky tizligi 350 kilometre ýetýän bu otlular ozalky nusgalaryndan has az energiýa sarp edýär. Bu otlularyň şu ýylyň ikinji ýarymynda Pariž – Lion aralygynda gatnamagyna garaşylýar. TGV-niň soňky nesliniň (TGV M) 2030-njy ýyla çenli öndürilmegi meýilleşdirilýär.
1950-nji ýyllarda Kanadada ilkinji iki gatly ýolagçy otlular işe girizilýär. Şowly netije beren bu otlular soňlugy bilen has köp ugurda peýdalanylyp başlanýar. Häzirki wagtda bu ýurtda dürli kompaniýalaryň öndüren iki gatly ýolagçy wagonlary giňden ulanylýar. Kanadada geçen ýyl iki gatly otlularyň täze görnüşi hem tanyşdyryldy. Hytaýyň CRRC kompaniýasy bilen bilelikde öndürilýän bu demir ýol ulagy şu ýylyň tomsundan başlap Monreal sebitinde ulanylyp başlanar.
Ýokary tizlikli otly diýlende köpleriň ýadyna Ýaponiýa düşýän bolsa gerek. Ýaponiýada her gün ýurduň ilatynyň ählisi diýen ýaly demir ýol ulagyna münýär. «Shinkansen» otlularynyň 2 gatly görnüşi ýurtda 1994-2012-nji ýyllar aralygynda ulanylýar.
Awstraliýada bolsa, dünýäde ilkinji bolup ähli wagonlary iki gatly bolan otly işe girizilýär. Ýurduň meşhur şäheri Sidneýde we uly şäherleriň biri bolan Melburny hem öz içine alýan Wiktoriýa ştatynda iki gatly ýolagçy otlulary giňden peýdalanylýar.
Soňky 20 ýyla golaý wagtda demir ýollarynyň uzynlygyny birnäçe esse artdyran Hytaýda hem iki gatly wagonlar giňden peýdalanylýar. Bu ýurtda ilkinji iki gatly otlular 1958-nji ýylda öndürilip hem-de ulanylyp başlanýar. Şondan bäri şeýle otlularyň onlarça görnüşi işlenip düzüldi. Hytaýda iki gatly otlular, esasan, sebitleýin gatnawlarda peýdalanylýardy. Soňky ýyllarda bolsa bu ýurtda öndürilýän ýokary tizlikli iki gatly otlular daşary ýurtlara, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna hem eksport edilýär.
Ösen demir ýol infrastrukturasy bolan ABŞ-da iki gatly ýolagçy otlulary bilen bir hatarda, iki gatly ýük otlulary hem bar. Ýük üçin niýetlenen iki gatly otlular konteýnerleri üsti-üstüne goýup daşamaga mümkinçilik berýär. Has uzak aralyga gatnaýan otlularyň käbiri iki gatly bolup, olaryň köpüsiniň penjiresi ýerden petige çenlidir. Bu bolsa, ýolagçylara daş-töweregi synlamaga we syýahatyň gyzykly geçmegine mümkinçilik berýär.
Otlulary bilen meşhurlyk gazanan ýurtlaryň biri hem Hindistandyr. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda «Sinhagad Express» kompaniýasy ilkinji bolup iki gatly ýolagçy otlularyny ýola goýýar. Soňra beýleki kompaniýalar hem şeýle otlulardan peýdalanýar. 1979-njy ýylda «Western Railway» kompaniýasy Surat we Mumbaý şäherleriniň arasynda «Flying Ranee» atly ýokary tizlikli, iki gatly ýolagçy otlularyny işe girizýär. Soňky ýyllarda bolsa serginledijisi we beýleki amatly şertleri bolan has döwrebap wagonlar ýolagçylaryň hyzmatyna hödürlenýär.
Bulardan başga-da, häzirki wagtda Çeh Respublikasy, Finlýandiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar ýaly Ýewropa ýurtlarynda, Marokko, Günorta Afrika ýaly Afrika ýurtlarynda, Wýetnam, Argentina ýaly dünýäniň beýleki ýurtlarynda iki gatly ýolagçy otlulary hereket edýär.