Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan gadymy türkmen-hindi halklarynyň däbe öwrülen edebi-medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüş taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Taryhyň şöhratly ýylýazgylary bu günki gün gadymy halklaryň ikisiniň hem medeniýetleriniň özara täsiriniň üçünji müňýyllykda hem üstünlikli dowam edýändigini dowamly buşlaýar. Medeni gatnaşyklar köpasyrlyk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kuwwatly binýadynda gurulýan döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hindi we türkmen medeniýeti taryhda adamzat tarapyndan döredilen gymmatlyklaryň, dünýä siwilizasiýasynda sungat eserleriniň görnüşleriniň, halk amaly-haşam hünärmentçiliginiň iň gadymy merkezleriniň ýüze çykan ojaklarynyň biri hasap edilýär. Sebitde durnuklylygyň daýanjy hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi diliniň we edebiýatynyň, terjimeçilik sungatynyň häzirkizaman usullarynyň, ösüş aýratynlyklarynyň nazary we amaly esaslary ýörite hünär bilimleri arkaly çuňňur öwredilýär. Iki doganlyk, dostlukly halkyň taryhy gymmatlyklarynyň, edebi-çeperçilik miraslarynyň görnüşleriniň, ygtybarly golýazmalarynyň, nepis ýazuw ýadygärlikleriniň umumylygynyň köplügi aýratyn guwandyryjydyr.
Edebi hyzmatdaşlyklar halklaryň milli edebiýatlarynyň jemgyýetçilik häsiýetlerini, kämillik derejesiniň ösüşlerini, aýratynlyklaryny, täzeçillik başlangyçlaryny, döwürleýin täsirlenmelerini, ugurlaryny, aňlatmalaryny we adalgalaryny öwrenmeklige uly badalga berýär. Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösüşiniň belent sepgitlerini, ýaýrawyny we taryhy subutnamalaryny Hazardan Haýdarabada, Jeýhundan Ganga çenli aralykda döredilen maddy, çeper we ruhy baýlyklaryň onlarçasynyň yzlarynda has-da aýdyň görmek bolýar. Hindi ýazuwly edebiýatynyň gözbaşy sanskrit, sogdy, tamil dillerinde döredilen, biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlar bilen senelenýän irki orta asyr «Weda», «Mahabharata», «Ramaýana», «Indra», «Budda», «Upanişada», «Kalila we Dimna», «Brahma», «Bharata», «Pançatantra», «Wişna» hem-de ýoga sungaty hakyndaky edebi kyssalardan, poemalardan, hekaýalardan, eposlardan alyp gaýdýar. Häzirki zaman hindi edebiýatynyň eserleri bu ýurtda 22 resmi dilde neşir edilýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna dünýewi, demokratik häsiýetli dramaturgiýa, poeziýa we proza žanrynyň eserleriniň goşulmagynda, teatral sungaty hem-de edebi tankydy ösdürmekde hindi halkynyň meşhur we tanymal ogullary Gülzaryň, Mahatma Gandiniň, Rabindranat Tagoryň, Munşi Dhenpratraý Şriwastaw Premçandyň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Hindistanda Edebiýat akademiýasynyň, Padma Şri, Jawaharlal Neru adyndaky baýraklar medeniýet, döredijilik ugrunda iň ýokary döwlet sylaglary hasap edilýär.
100 ýyl mundan ozal dünýäniň köp döwletinde syýahatda bolan hindi halkynyň akyldary, Nobel baýragynyň eýesi Rabindranat Tagor «Russiýa barada hatlar» atly eseriniň 10-12-nji bölümlerinde 1931-nji ýylyň 11-25-nji sentýabry aralygynda biziň Diýarymyzda bolandygyny, ýurdumyzyň halk hojalygynyň önümçilik serişdelerine we olaryň ösüş depginlerine baý ýurtlaryň hem-de halkymyzyň Ýer ýüzünde adamzat tarapyndan döredilen, ýokary ahlak häsiýetleri kemala getirýän, seýrek duş gelýän taryhy ähmiýetli maddy we ruhy gymmatlyklaryň, sungatyň, edebi mirasyň ilkinji ýüze çykan ülkeleriň biridigi baradaky pikirleri milli medeniýetimiz barada buýsandyryjy bolup ýaňlanýar.
Orta asyrlarda Hindistanyň dürli künjeklerinde dörän türkmen edebiýatynyň aýry-aýry wekilleriniň durmuşy, döredijilik ussatlyklary, poeziýanyň dili baradaky gymmatly taryhy çeşmeler Muhammet Hazynyň, Sadyky Kitapdaryň, Lutfaly beg Azeriň, Sam Mürzäniň, Muhammettahyr Nasyrabadyň, Abdylnebi Gazwininiň, Abdylkadyr Badaýunuň, Abdylbaky Nahawandynyň, Nyzameddin Hyratynyň, Allamynyň, Gülbeden Begimiň tezkirelerinde, antologiýalarynda, ýolýazgylarynda yzygiderli duş gelýär. Edebiýaty öwreniş ylmynyň taryhynda Muhammet Zahyreddin Babyr, Kutubuddin Bagtyýar Kaky, Emir Hysrow Dehlewi, Nureddin Muhammet Awfy Merwezi, Kutubuddin Aýbek, Abdyrahym han Türkmen, Alauddin Halajy, Mürze Galyp, Mir Dosty, Kyblan beg, Haşym Kyssa, Baýram han, Bidil, Hüseýinguly mürze, molla Jahy, Mürzeguly Meýli, Hasan han Şamly, molla Şeýdaýy, Ataby, Muhammetgylyç Üfleti ýaly şahsyýetler türkmen-hindi edebi hyzmatdaşlygyň binýadyny çeper haşamlan, gadymy hindi topragynda saýran türkmen bilbilleri hasap edilýär. Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bilen baglanyşykly Abu Reýhan Biruniniň, Keý-Kowsuň, Mahmyt Kaşgarynyň, Zamahşarynyň, Jelaleddin Rumynyň, Mahmyt Pälwanyň, Sagdynyň, Hafyzyň, Nyzamynyň, Nowaýynyň, Jamynyň, Lutfynyň, Ataýynyň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň eserlerinde, halk döredijilik nusgalarynda maglumatlar, çeper-liriki meňzetmeler duş gelýär.
Türkmen-hindi halklarynyň nusgawy medeni mirasynyň şöhratly taryhy sahypalaryny, edebi döredijilik gymmatlyklarynyň däplerini, çeper liro-epik, poeziýa, folklor žanrlaryndaky duýguly dünýäleriň we paýhas başarnyklarynyň gözelliklerini düýpli öwrenmäge B. Garryýew, M. Kösäýew, A. Meredow, A. Mülkamanow, T. Nepesow, Z. Muhammedowa, M. Öwezgeldiýew, A. Baýmyradow ýaly türkmen alymlary uly goşant goşdular. Dürli ýyllarda dostlukly hindi halkynyň edebiýatynyň aýry-aýry çeper, kämil nusgalaryny terjime edip türkmen okyjylaryna ýetirmekde, iki doganlyk halkyň köptaraply söz sungatynyň gözelliklerini wasp etmekde G. Seýitliýew, K. Gurbannepesow, G. Ezizow, A. Bekmyradow, B. Hudaýnazarow, M. Seýidow, K. Kulyýew, Ç. Aşyrow, N. Gullaýew, B. Kerbabaýew, K. Taňrygulyýew, A. Atabaýew ýaly ussatlaryň atlary we hyzmatlary ilkinjileriň hatarynda bellenmäge mynasypdyr. Edebi hyzmatdaşlyklaryň kökleri halklaryň durmuş, döredijilik babatdaky gatnaşyklaryna ylham berip täze taryhy gözýetimleri, ussatlyklary kemala getirýär.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.