22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Dip­lo­mat hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ma­laý­zi­ýa­nyň Ýo­ka­ry Baş­tu­ta­ny Ab­dul­la Ria­ýa­tud­din Al-Mus­ta­fa Bil­la­nyň we Prem­ýer-mi­nist­ri An­war bin Ib­ra­hi­miň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de öz ýur­dun­da özyg­ty­ýar­ly ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ma­laý­zi­ýa­nyň ýo­ka­ry ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di we Mohd Su­hai­mi bin Ah­mad Ta­jud­di­ni mö­hüm dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ma­laý­zi­ýa Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öza­ra hor­mat goý­mak, dost­luk, dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýo­la goý­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk hä­zir­ki wagt­da tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni we sy­ýa­sy taý­dan öza­ra yna­nyş­ma­gyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de iki ýur­duň bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek, ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mek tej­ri­be­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Türk­men-ma­laý gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da­ky pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy nyg­tal­dy. Şun­da öza­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ne­bit­gaz pu­da­gyn­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ma­laý­zi­ýa­nyň PET­RO­NAS ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýan­dy­gy we ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de gör­ke­zil­di. Kom­pa­ni­ýa köp ýyl­lar­dan bä­ri ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny ga­zyp al­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär, şeý­le hem ne­bit­gaz pu­da­gy üçin ýo­ka­ry de­re­je­li türk­men hü­när­men­le­ri­ni taý­ýar­la­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
Umu­my pi­ki­re gö­rä, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­da­ky, hu­su­san-da, ylym-bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny nyg­tap, türk­men-ma­laý dia­lo­gy­nyň mun­dan beý­läk-de iki ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne ok­gun­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Ma­laý­zi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li Mohd Su­hai­mi bin Ah­mad Ta­jud­din hoş­ni­ýet­li ar­zuw­lar we türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, öza­ra bäh­bit­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.