«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Florens Baueriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilelikdäki işleriň netijeliligi nygtaldy.
Türkmen tarapy ýurdumyzda Ilat Gaznasy bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini gazanmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler we bu ugurda kabul edilen kanunlar barada maglumat berdi.
Myhman zenanlaryň maşgala ýagdaýy we saglygy barada seljermeler, gender deňliginiň üpjün edilmegi, ilatyň durmuş goraglylygynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ugrunda milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda ýakyndan işleşmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşykda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäginde guralýan çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.