1-nji ap­rel­de dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan­da ilat ýa­zu­wy baş­la­dy. 1 ýyl tö­we­re­gi do­wam etjek ilat ýa­zu­wynda ha­sa­ba alyş iş­le­ri­ni 3 mil­li­on­dan gow­rak adam ýerine ýetirer. Gü­nor­ta Azi­ýa ýur­dun­da ilat ýa­zu­wy iki tap­gyr­da ama­la aşy­ry­lar. De­mog­ra­fik çä­rä­niň bi­rin­ji tap­gy­ry sent­ýabr aýy­na çen­li do­wam eder. Bu dö­wür­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, jaý­la­ryň ýag­da­ýy we inf­rast­ruk­tu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri ha­sa­ba al­nar. Ilat ýa­zu­wy üçin de­giş­li iş­gär­ler ýa­şaý­jy­la­ryň sal­gy­la­ry­na ba­rar­lar. Ýa­şaý­jy­lar bol­sa, in­ter­net üs­ti bi­len öz­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry gi­ri­zer­ler. Mu­nuň üçin ýö­ri­te dö­re­di­len mo­bil go­şun­dy 16 dil­de taý­ýar­lan­dy. Ilat ýa­zu­wy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bol­sa, de­mog­ra­fik, so­si­al we yk­dy­sa­dy ýag­daý­lar ba­ra­da mag­lu­mat top­la­nar.
Ýurt­da mun­dan ozal 2011-nji ýyl­da ilat ýa­zu­wy ge­çi­ri­lip­di. Ilat ýa­zu­wy 10 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. 2021-nji ýyl­da bol­sa, pan­de­mi­ýa se­bäp­li ge­çi­ril­män­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2023-nji ýyl­da Hin­dis­tan Hy­taý­dan öňe ge­çip, dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­dy. Hin­dis­ta­nyň 1 mil­liard 420 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bar.

Nurmyrat Kurbanseýidow,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň mugallymy, 3-nji derejeli kapitan.