Müsüriň paýtagtynyň ilaty 25 milliona golaýlady. Bu barada Kair welaýatynyň häkimi Halid Abdel Al habar berdi. Ýurduň paýtagty iki welaýatyň – Kairiň we Gizanyň çäginde ýerleşýär. Her gün on müňlerçe adam, şol sanda goňşy sebitlerden metropolise işlemek, okamak we gezelenç etmek üçin gelýärler. Ýurduň iň gür ilatly sebiti bolan bu şäheriň infrastrukturasyny ösdürmek üçin tagalla edilýär. Häzirki wagtda Kairden 25 kilometr uzaklykda döwlet edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň göçürilmegi göz öňünde tutulan täze merkez gurulýar. Müsüriň 104 million töweregi ilaty bar.
Toýly GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.