Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Durdygylyç Ýarjanow hem-de italýan dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Arazberdiýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, aýratynlykda, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldular.
Bu halkara bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň “Bilim Orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleri hem “GDA-nyň iň gowy talyby” diýen halkara kitap ýygyndysyna giriziljekdigini bellemek gerek.
Bu üstünlik ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň dünýägaraýşa, ýokary bilim derejesine, döredijilik ukybyna we halkara ölçeglere laýyk taýýarlyga eýedigini görkezýär. Bu buýsançly üstünlik bilen talyplarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, oňa geljekde hem täze belent sepgitleri eýelemegi, Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde mundan beýläk-de belende götermegini arzuw edýäris.