Golaýda Türkiýäniň Antalýa şäherinde höwesjeň oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen Uniwersal söweş (laýt we nusgawy) Dünýä Kubogy ýaryşynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş etdiler. Bu ýaryşa dünýäniň 25 döwletinden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Ýurdumyzyň adyndan hem 4 türgen wekilçilik edip, olar 5 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç, jemi 8 medal bilen Watanymyza dolandylar.
Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Guwançmyrat Döwletmyradow 2 altyn medala mynasyp boldy. Ol 16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda 95 kg agram derejesinde çykyş edip, laýt hem-de nusgawy görnüşlerde altyn medallary eýelemegi başardy.
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Daýançmyrat Döwletmyradow hem agasy Guwançmyrat ýaly 2 altyn medal gazandy. Ol 14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda 65 kg agram derejesinde laýt hem-de nusgawy görnüşde münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.
Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň türgeni Hezredaly Meredaliýew 70 kg agramda altyn hem-de bürünç medallara mynasyp boldy. Ol nusgawy görnüşde 1-nji, laýt görnüşde-de 3-nji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň başlygy Orif Buharkow 2 kümüş medal gazandy. Tejribeli türgen 95 kg agram derejesinde laýt hem-de nusgawy görnüşlerde münberiň 2-nji basgançagyna çykmagy başardy.
Türgenlerimiziň abraýly ýaryşlarda çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen türgenleri barada edýän aladalary olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
PDF









