Ertir, ýagny 27-nji sentýabrda Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna badalga berler. 15-nji gezek geçiriljek çempionata Türkmenistanyň futzal ýygyndysy hem gatnaşyp, ildeşlerimiz “B” toparçada çykyş ederler. Türkmen futzalçylary “B” toparçada Bahreýniň, Özbegistanyň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar. Ildeşlerimiziň ilkinji duşuşygy ertir Özbegistan bilen bolar. Duşuşyk 13:00-da başlar. Türkmen futzalçylarynyň 2-nji duşuşygy Bahreýn bilen bolup, oýun 29-njy sentýabrda oýnalar (13:00). Toparçadaky soňky duşuşygynda ildeşlerimiz Täjigistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. 1-nji oktýabrda oýnaljak duşuşyk 13:00-da başlar.

Jemi 16 ýygyndynyň gatnaşýan çempionatynda toparçalarda 1-2-nji orny eýelänler ýaryşy dowam etdirerler.

“A”: Kuweýt, Yrak, Tailand, Oman

“B”: Özbegistan, Bahreýn, Täjigistan, Türkmenistan

“C”: Eýran, Liwan, Hytaý Taýpeýi, Indoneziýa

“D”: Ýaponiýa, Wýetnam, Günorta Koreýa, Saud Arabystany