Angliýanyň Liga Kubogynda (EFL Kubogy) ýarym finalyň jogap duşuşygynda “Nýukasl” öz meýdançasynda-da “Arsenaly” 2-0 hasabynda ýeňdi. 1-nji oýunda-da myhmançylykda şol hasap bilen ýeňen “Nýukaslyň” gollaryny bu gezek Mörfi (19) bilen Gordon (52) geçirdi. 1-nji oýunda Isak (37) bilen Gordon (51) geçiripdi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 4-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Nýukasl” bu ýaryşda 1976-njy we 2023-nji ýyllardan soň 3-nji gezek finalda oýnar. 2018-nji ýyldan bäri finala çykyp bilmeýän “Arsenal” bu kubogy soňky sapar 32 ýyl ozal, ýagny 1993-nji ýylda gazanypdy.
“Nýukaslyň” finaldaky garşydaşy “Liwerpul” ýa-da “Tottenham” bolar. Olaryň arasyndaky 1-nji oýunda “Tottenham” Londonda 1-0 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygy şu gije “Anfield” stadionynda oýnalar.