Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň häkimiýeti kagyz resminama dolanyşygyny arada aýyrdy. Mundan beýläk şäheriň häkimligi resmi hatlaryň sanly nusgasyny ulanar. Bu barada Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Dubaýda durmuşyň ähli taraplaryny sanlylaşdyrmakda täze tapgyryň başlangyjy bolandygyny belläp, doly kagyzsyz hökümete geçmegi tamamlandyklaryny aýtdy. Şeýlelikde şäherde hökümetdäki ähli amallar, şeýle hem ilata hödürlenýän hyzmatlar elektron tehnologiýalary arkaly amala aşyrylar. Resmi işler ýörite maglumat platformalary arkaly ýerine ýetiriler. Muňa ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlary, saglygy goraýyş, medeni we sport edaralary ýaly ähli ugurlar degişli bolar. Täjirçilik guramalarynyň hem birnäçesi bu başlangyça goşuldy.
“Kagyzsyz strategiýa” atly bu taslama 2018-nji ýyldan bäri tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Emirligiň geçen üç ýylyň dowamynda 336 million tagta kagyzy ýa-da takmynan 353,8 million dollar pul tygşytlandygy habar berildi. Taslamanyň çäklerinde diňe kagyzyň ulanylyşy däl, kagyzyň çap edilmegine degişli çykdajylar hem azaldylýar.