“Toyota”-nyň premium derejeli ulaglary öndürýän “Lexus” brendi ikinji nesle degişli NX modelini tanyşdyrdy. “D-SUV” klasyna degişli bolan täze NX-iň “plug-in” gibrid nusgasy hem bolar. Mälim bolşy ýaly elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar, esasan, üç görnüşli bolýar. Olar – awtoulag ýokary tizlikden barýarka badyny birden peseldeninde, motoryň has uzaga gitmegi üçin öndüren potensiýal energiýasyny elektrik energiýasy öwürýän, iki motorly bolup, birine zarýad berip bolýan (“plug-in” gibrid) hem-de diňe elektrik energiýasy bilen işleýän, batareýaly ulaglardyr. “Lexus”-yň “NX 450h+” atly ulagynyň dört silindirli 2,5 litrlik gibrid motory, 134 kW öň tarapda ýerleşdirilen elektrik energiýasy bilen işleýän motory we 40 kW yzky elektrik motory bar. Ulagyň motorlary iň kuwwatly batareýalardan güýç alýar. Ulagyň yzky motorlary “E-Four” tehnologiýasy bilen dört tigriniň aýlanmagyny üpjün edýär. Täze modeliň umumy kuwwaty 309 at güýjüne barabar bolup, 0-100 km/sagat tizlige 6,3 sekuntda ýetýär. Ulag ortaça 0,9-1,1 lt/100 km ýangyç sarp edýär. Adaty ýangyçly we elektrik energiýaly motorlary birwagtda işledip bolýan ulagyň elektrik energiýasy bilen işleýän motory bilen ortaça 98 kilometr ýol geçip bolýar. ulagyň batareýasy boşan ýagdaýynda öz-özüne zarýad berýän ulgam bilen üpjün edilipdir. Şeýle ýagdaýda benzinli motor batareýa zarýad berip başlaýar. Bu bolsa, ýangyjyň iki görnüşinden has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ulagyň howpsuzlygy we içki dizaýny ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilipdir.