Mundan 130 ýyl ozal şu gün häzirki wagtda sportuň iň uly guramaçylygy bolan Häzirkizaman tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinjisine badalga berilýär. 1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde başlanan I Olimpiýa oýunlary 15-nji aprele çenli dowam edýär. Oňa 14 ýurtdan ählisi-de erkek 241 türgen gatnaşýar. Türgenler sportuň 9 görnüşi boýunça 43 bäsleşik geçirilýär Amerikaly Jeýms Konnoli (Harward uniwersitetiniň talyby) üçürdikläp bökmekde ýeňiji bolup, ol tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji altyn medal gazanan türgen hökmünde hasaba alynýar. Medal sanawynda amerikalylar 11, grekler 10, nemesler 6 altyn medal gazanyp, öňdäki 3 orny eýeleýär.