Şu ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji gezek döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammit geçiriler. Sammitiň geçiriljek seneleri barada Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon Seulda geçirilen taýýarlyk maslahatynda habar berdi.
“Yonhap” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşarlar.
Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öňde boljak duşuşygyň Koreýa Respublikasynyň diplomatik mümkinçiliklerini giňeltmekde we Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, sammitiň formaty ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmek we sebit ýurtlarynda ýaşaýan etniki koreý ýaşaýjylara degişli jemgyýetlere goldawy has netijeli guramak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň esaslaryny döretmäge giň mümkinçilik berer.