“Bundesliganyň” wekillerinden “Union Berlin” topary şowsuz netijelerden soň tälimçisini çalyşdy. Klub Steffen Baumgartyň ornuna “Union Berliniň” U19 toparynyň tälimçisi Marie-Luize Etany wezipä belledi. 34 ýaşyndaky zenan tälimçi möwsümiň ahyryna çenli berlinlileri türgenleşdirer. Ozalky futbolçy Eta Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda, ýagny “Premier Ligada”, “La Ligada”, “Serie A”-da, “Bundesligada”, “Ligue 1”-de tälimçi bolan ilkinji zenan hünärmen hökmünde hasaba alyndy.
“Union Berlin” topary “Bundesligada” möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda 32 utuk bilen 11-nji orunda barýar.
PDF









