“Hermès Bir­kin” tor­ba­sy müş­de­ri­ler üçin iň ar­zy­ly önüm bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bu ba­ra­da “Hy­pe­beast” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Bu ugur­da­ky mag­lu­mat­lar “Go­og­le”-de göz­leg so­wal­la­ry­ny göz­den ge­çi­ren “Slin­go” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­sa­ba­tyn­da ge­ti­ril­ýär. Ba­ha­sy­nyň gym­mat­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, “Hermès Bir­kin” sum­ka­la­ry­nyň meş­hur­ly­gy pe­se gaç­ma­ýar, soň­ky üç ýyl­da ony in­ter­net­den göz­le­ýän­le­riň sa­ny hem bar­ha art­ýar. 2020-nji ýyl­da bu sum­ka­la­ry ide­ýän­le­riň sa­ny or­ta­ça 149 müň ada­ma deň bo­lan bol­sa, 2023-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 19% ar­typ, 160 mü­ňe ýe­tip­dir.
“Slin­go” kom­pa­ni­ýa­sy sum­ka­la­ra is­le­giň oňa ady da­ky­lan Jeýn Bir­ki­niň ara­dan çy­kan­dy­gy ba­ra­da­ky gy­nanç­ly ha­ba­ryň ýaý­ran gü­nün­den bä­ri has-da ar­tan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da nus­ga­wy “Hermès Bir­kin” sum­ka­la­ry­nyň ba­ha­sy 12 müň dol­lar­dan baş­lap, gym­mat­ba­ha­ly daş­lar­dyr me­tal da­ky­lan­la­ry ýa-da seý­rek jan­dar­la­ryň de­ri­sin­den ti­ki­len­le­ri bir­nä­çe ýüz müň dol­la­ra ýet­ýär. My­sal üçin, 2022-nji ýyl­da kro­ko­di­liň ha­myn­dan ti­ki­lip, göw­her bi­len zy­nat­la­nan “Hi­ma­layan Bir­kin 30” sum­ka­sy 450 müň dol­la­ra sa­tyl­dy.
“Slin­go” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­na­wyn­da ikin­ji or­ny “Louis Vuit­ton Never­full” (tak­my­nan 127 müň is­leg), üçün­ji or­ny “Gucci Mar­mont” (83 müň tö­we­re­gi is­leg) sum­ka­la­ry eýe­le­di.
Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly 16-njy iýul­da fran­suz-bri­tan akt­ri­sa­sy we aý­dym­çy­sy Jeýn Bir­kin 76 ýa­şy­nyň için­de Pa­riž­de ara­dan çyk­dy. Ol 2021-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da in­sult ge­çi­rip­di. Meş­hur ze­nan bri­tan we fran­suz ki­no­syn­da akt­ri­sa hök­mün­de uly üs­tün­li­ge eýe bol­dy. Akt­ýor­çy­lyk we aý­dym-saz üs­tün­lik­le­rin­den baş­ga-da, onuň ady­ny “Hermès Bir­kin” sum­ka­sy gö­ter­ýär.