Dubaýda täze metro ugurlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini ösdürmäge, ulaglaryň ýüküni azaltmaga hem-de halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge niýetlenendir. Bu barada “Khaleej Times” neşiri habar berdi.
Maglumatlara görä, “Emaar Properties” menzili esasy desgalaryň biri bolar. Onuň beýikligi 74 metr bolup, bu ony dünýäde iň beýik metro menziline öwrer. Desganyň açylyşy 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär. Metro menziliniň taslamasy “Burj Halifa”, “Olympic Tower” we “Willis Tower” taslamalary bilen tanalýan “Skidmore, Owings & Merrill” (SOM) amerikan binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Desga her günde 160 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle-de 2040-njy ýyla çenli menzilden her günde 70 müňden gowrak adamyň peýdalanmagyna garaşylýar.
Täze metro şahasy 30 kilometre uzap, 14 menzili öz içine alar. Bu ugurda 28 sany häzirki zaman otly ulanylar. Taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, emirligiň umumy metro ulgamynyň uzynlygy 131 kilometre, menzilleriň sany bolsa 78-e ýeter. “Mawy şaha” diýlip atlandyrylan bu ugur Dubaýyň dokuz sebitini birleşdirer. Otlular sagatda iki taraplaýyn 46 müň ýolagçyny gatnadar. 2030-njy ýyla çenli gündelik ýolagçy akymynyň 200 müňe ýetmegine garaşylýar.
Täze şahanyň işe girizilmegi ýol dyknyşygyny 20 göterim azaltmaga mümkinçilik berer. Gurluşygyň bahasy 20,5 milliard dirheme (takmynan, 5,6 milliard dollar) barabar bolar. Gurluşyk işleri Türkiýäniň we Hytaýyň “Mapa”, “Limak” we CRRC ýaly kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylar.