Şä­her­ler­de ulag se­riş­de­le­ri­niň he­re­ket et­me­gi we gat­na­wy ama­la aşyr­mak üçin iň ze­rur bo­lan inf­rast­ruk­tu­ra­la­ryň bi­ri hem ýol ul­ga­my­dyr. ABŞ we Hy­taý dün­ýä­de iň uzyn ýol ul­ga­my bo­lan ýurt­lar ha­sap­lan­ýar. Hy­taý­da 190 müň 700 ki­lo­metr uzyn­lyk­da aw­tou­lag ýo­ly bar. Hy­taý di­ňe bir aw­tou­lag ýol­la­ry­ny gur­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýol-ulag ul­ga­my bi­len bag­ly bir­nä­çe akyl­ly çöz­güt­le­ri hem iş­läp dü­zýär. Şeý­le çöz­güt­le­riň bi­ri hem Çun­çin şä­he­rin­de ýer­leş­ýän aw­tou­lag aý­la­wy­dyr.
Huansz­ýue­wan çat­ry­gy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ge­çel­ge şä­her mer­ke­zi­niň gün­do­ga­ryn­da, Ýans­zi der­ýa­sy­nyň sag ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär. Şä­here da­şyn­dan gel­ýän iki sa­ny ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ýo­ly bir­leş­dir­ýän çat­ryk sü­rü­ji­le­ri al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa sal­ýar. 5 gat­ly aý­law aý­ra­tyn­lyk­da 20 ug­ra bö­lün­ýär. 16 ki­lo­metr uzyn­lyk­da­ky la­bi­rint ge­çel­gä­niň be­ýik­li­gi 37 met­re ba­ra­bar. Baş­ga­ça aý­da­nyň­da, Huansz­ýue­wan ge­çel­ge­si­niň be­ýik­li­gi 12 gat­ly bi­na bi­len deň. Aý­la­wa ýo­luň bi­rin­ji ga­tyn­da 8 ýer­den gi­rip bol­ýar. Bu aý­la­wa go­laý­la­nyň­da eger-de ug­ru­ňy ýal­ňyş­saň, ýag­ny baş­ga hal­ka gir­seň, on­da ýüz­ler­çe ki­lo­metr ýol ge­çip, tä­ze­den çat­ry­ga do­lan­ma­ly bol­ýar. Şol se­bäp­li sü­rü­ji­ler aý­la­wa gir­mez­den ozal, on­laýn kar­ta ar­ka­ly git­me­li ug­ru­ny we mün­me­li köp­rü­si­ni sel­jer­ýär­ler. Dün­ýä­niň iň çyl­şy­rym­ly aý­la­wy ha­sap­lan­ýan bu çat­ry­gyň gur­lu­şyk iş­le­rine 2009-njy ýyl­da baş­lanyp, 2017-nji ýyl­da ula­ny­şa be­ril­ýär.