Hy­ta­ýyň «Dong­fang Electric» kom­pa­ni­ýa­sy kuw­wa­ty 26 me­ga­wat bo­lan dün­ýä­de iň güýç­li de­ňizdäki ýel tur­bi­na­sy­ny işe gi­riz­di. Bu tur­bi­na­nyň be­ýik­li­gi 185 metr, pe­ri­niň dia­met­ri 310 metr. Des­ga­nyň per­le­ri 77 müň ine­dör­dül metr meý­dan­da aý­lan­ýar. Bu bol­sa, 10 fut­bol meý­dan­ça­sy­nyň ululygyna ba­ra­bar­ diýmekdir. Tur­bi­na­nyň pos­la­ma­gy­nyň we za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin ýo­ka­ry de­re­je­li teh­no­lo­gi­ýa­lar ula­ny­lyp­dyr. Bu bol­sa, onuň ula­nyş möh­le­ti­ni art­dy­rar. Şeý­le hem bu gur­luş ýe­liň sa­gat­da 200 ki­lo­met­re çen­li tiz­li­gi­ne çy­dap bil­ýän 30 müň­den gow­rak bö­le­gi öz içi­ne al­ýar. Ol ener­gi­ýa to­ru­na bi­rik­di­ri­len­den soň, or­ta­ça se­kunt­da 10 metr­lik tiz­lik bi­len ýy­lyň do­wa­myn­da 100 gi­ga­wat/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu bol­sa, 55 müň öýi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge ýet­ýär. Ýel tur­bi­na­sy 30 müň ton­na köm­ri tyg­şyt­la­ma­ga we kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 80 müň ton­na çen­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der. Mun­dan ozal Da­ni­ýa­da deň­ziň ke­na­ryn­da otur­dy­lan «Sie­mens Ga­me­sa» des­ga­sy iň uly su­wüs­ti ýel tur­bi­na­sy­dy. Onuň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 21,5 me­ga­wa­ta ba­rabar.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.