Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň iň köp medally türgeni norwegiýaly lyžaçy zenan Marit Býorgen bolup, onuň 8 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 15 medaly bar. Onuň watandaşy, biatlonçy Ole Einar Býorndaleniň 14 medaly bolup, ol 8 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç medal gazandy. 3-nji orunda niderland konkili typyjy zenan Ireen Wüst bolup, ol 13 (6-5-2) medal gazandy. Norwegiýaly Býorn Deli 12 (8-4-0), italiýaly şort-trekçi Arianna Fontana 11 (2-4-5), ozalky SSSR-li lyžaçy Raisa Smetanina (4-5-1) bilen italiýaly lyžaçy zenan Stefaniýa Belmondo (2-3-5) 10 medal gazanmagy başardy.

Norwegiýalylar öňdeligi eýeleýär

Mundan öňki 24 guramaçylykda norwegiýaly olimpiýaçylar 10 (1924, 1928, 1936, 1948, 1952, 1968, 2002, 2014, 2018, 2022) ozalky SSSR-iň türgenleri 7 (1956, 1960, 1964, 1972, 1976, 1980, 1988), Germaniýanyň wekilleri 3 (1992, 1996, 2006), şol sanda ABŞ-nyň (1932), Şwesiýanyň (1948, Norwegiýa bilen paýlaşýar), ozalky Gündogar Germaniýanyň (1984), Kanadanyň (2010) hem-de Russiýanyň (1994) türgenleri 1 gezek altyn medal sanawynda öňdäki orny eýelediler.

Umumylykda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda Norwegiýanyň türgenleri iň öňde barýarlar. Olaryň 148 altyn, 134 kümüş, 123 bürünç, jemi 405 medaly bar. ABŞ-nyň gyşky olimpiýaçylary 114 altyn, 121 kümüş, 95 bürünç, jemi 330 medal bilen 2-nji ýerde barýar. 3-nji basgançakda germaniýaly türgenler bolup, olar gatnaşan gyşky Olimpiýa oýunlarynda 105 altyn, 97 kümüş, 95 bürünç, jemi 267 medal gazandylar. Ozalky SSSR-iň 4-nji hatarda barýan sanawynda Kanada 5-nji, Awstriýa 6-njy, Şwesiýa 7-nji, Şweýsariýa 8-nji, Niderlandlar 9-njy, Russiýa 10-njy orny eýeläp gelýär.