Italiýada dowam edýän gyşky Olimpiýa oýunlarynda lyžaly ýaryş boýunça 1-nji hepdede 2 altyn medal gazanan norwegiýaly Ýohannes Hosflot Klaebo ýene 2 altyn medal gazandy. Ol 20 kilomter hem-de sprint nusgawy ýaryşlaryndan soň 10 kilometr erkin hem-de toparlaýyn 4×7,5 kilometr estafeta ýaryşlarynda altyn medalyň eýesi boldy. Onuň gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky altyn medallarynyň sany 9-a ýetdi. Ol gyşky Olimpiýa oýunlaryndan iň köp altyn medaly bolan erkek türgen bolup, norwegiýaly lyžaçynyň kümüşdir bürünç medallarynyň hersinden hem 1 medaly bar. Ol umumy sanawda-da 6-njy orna beýgeldi.
PDF









