Hytaýda ýere we suwa çuň aralaşyp biljek dünýäde iň güýçli we kuwwatly georadar ulanylyp başlandy. Bu georadar “Wireless Electromagnetic Method” (WEM) ulgamy ilkibaşda suwasty gämiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin döredildi. Aslynda ol mundan 5 ýyl ozal geologik gözlegler üçin ulanylyp başlanypdy. Bu barada “South China Morning Post” habar berýär. Işe girizilen desga merkezi ýurtda 80 we 120 km uzynlykdaky iki sany perpendikulýar antennadan ybarat bolup, onuň eýeleýän meýdany Nýu-Ýorkdan hem uludyr. Bu radaryň kömegi bilen häzirki wagtda eýýäm 490 mln tonnalyk altynyň, şeýle hem litiý magdanlarynyň uly ýataklary tapyldy. Täze tehnologiýanyň elektrik geçirijisiniň kuwwaty 500 kWt-a, iş ýygylygy bolsa 0,1 Gs-den 300 Gs-e ýetýär. Bu bolsa signala ýeriň üstünden has çuňluga aralaşmaga uly mümkinçilik döredýär. Täze döredilen tehnologiýa esasynda Hytaý 500 metrden başlap, 3 km-e çenli çuňluklary öwrener we geljekde ýurduň senagat we energetika ulgamy strategik taýdan möhüm baýlyklara elýeterli bolar.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.