Nor­we­gi­ýa­nyň döw­let kö­mür kom­pa­ni­ýa­sy 2023-nji ýyl­da Ark­ti­ka ar­hi­pe­la­gy Şpis­ber­gen­dä­ki iň soň­ky mag­da­ny­ny ýa­par. Kö­mür kä­ni­niň ýa­pyl­ma­gy köp san­ly iş ýe­ri­niň ýit­me­gi­ne we 120 ýyl bä­ri iş­läp gel­ýän mag­da­nyň işi­niň ta­mam­lan­ma­gy­na ge­ti­rer.
Döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki SNSK kom­pa­ni­ýa­sy soň­ky 20 ýy­lyň do­wa­myn­da de­mir­ga­zyk ada­lar­da­ky esa­sy mag­dan­la­ry­ny ýap­dy. Şeýle-de bolsa, ýedi sany kiçi magdan işlemegini dowam etdirip, olar kömür bilen işleýän ýerli elektrik stansiýasyny üpjün edýärler. Ark­ti­ka ar­hi­pe­la­gy Şpis­ber­gen­dä­ki iň soň­ky mag­da­nyň ýa­pyl­ma­gy Nor­we­gi­ýa­nyň ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry no­la çen­li azalt­mak is­le­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Pa­ty­şa­lyk gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da iň köp ne­bit we gaz eks­port edi­ji bol­ma­gyn­da gal­sa-da, hö­kü­met öz öňün­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa geç­mek ba­ra­da­ky uly mak­sa­dy goý­dy. Şeý­le-de, Nor­we­gi­ýa­da ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ga­zyp alyn­ýan pu­dak­lar­dan sy­ýa­hat­çy­lyk we yl­my bar­lag­lar­dan gel­ýän gir­de­ji­le­re gö­nük­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.