Kanadanyň alymlary dünýäde iň tiz surata düşürýän kamerany synagdan geçirdiler, ol sekuntda 156 trillion kadr surata almaga ukyplydyr. Bu täsin enjam täze optiki tehnologiýa esaslanyp, aňrybaş lazeriň täsiri bilen 100-e golaý şekili almaga mümkinçilik berýär. Enjam alymlara femto-sekuntda, ýagny sekundyň bir kwadrillion böleginde bolup geçýän hadysalary surata almaga mümkinçilik berer. Tehnologiýa dürli ulgamlarda, şol bir wagtyň özünde kompýuter ýadynyň täze tehnologiýalaryny döretmekde we bejerginiň ultrases usullarynda hem peýdalanylyp bilner. Kanadanyň Kwebekdäki Milli ylmy barlaglar institutynyň wekilleri täze ulgamyň öň elýeterli bolmadyk hadysalary surata almaga mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar. Alymlar dünýäde iň tiz kameralaryň sekuntda birnäçe ýüz million kadry surata almaga mümkinçilik berjekdigini, emma tebigatdaky köp hadysalaryň 5-6 esse çalt geçýändigini aýdýarlar diýip, “Nature Communications” neşiri habar berýär diýip belleýärler.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.