Ýaponiýanyň “deňizden aňyrdaky ýurtlarda” rekord derejede dürli emläkleri we pul hasaplary bar. Dürli ýapon kompaniýalary we maliýe edaralary daşary ýurtlarda ummasyz möçberde maýa goýum goýýarlar, iri önümçilik desgalaryny ýöredýärler, taslamalary durmuşa geçirýärler. Şu gün, 27-nji maýda ýurduň Maliýe ministrligi Ýaponiýanyň daşary ýurtlardaky emläkleriniň 2024-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, 13 göterim artyp, 533,05 trillion ýene (3,7 trillion dolar) ýetendigini mälim etdi. Bu görkezijiniň ýurt üçin iň ýokary görkezijidigine garamazdan, Germaniýaňkydan az bolupdyr. Germaniýanyň daşary ýurtlardaky emlägi 569,7 trillion ýene barabar. Bu ugurda Hytaý 516,3 trillion ýen bilen üçünji boldy. Ýaponiýa 1991-nji ýylda Germaniýadan öňe geçip, daşary ýurtlarda iň köp emlägi bolan ýurt bolupdy.
34 ýyldan soňra Germaniýa bu sanawda gaýtadan birinji orna çykdy. Bu ýurduň täjirçilik ukyby baýlyklaryny artdyrdy. Ýewropanyň senagat taýdan ösen ýurdunyň geçen ýylky daşary söwda saldosy 248,7 milliard ýewro artyk bolupdyr. Ýaponiýanyň daşary söwda saldosy bolsa 29,4 trillion ýen (180 milliard ýewro) bolupdyr. Geçen ýyl ýewro-ýen gatnaşygy hem 5 göterim gymmatlapdyr. Bu hem Germaniýanyň emläkleriniň ýen hasabyndan gymmatlamagyna getiripdir.