Nigeriýaly dünýä belli aşpez Hilda Bassi Effiong jollof palawyny bişirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, naharyň agramy 8 müň 780 kilogram. Ýurduň aşhanasynda uly orun tutýan bu tagam pomidor we sogan goşulyp taýýarlanýar. Ýurduň iň uly şäheri Lagosdaky bir myhmanhanada geçirilen çärä rekordlar kitabynyň wekilleri hem gatnaşyp, rekordy tassykladylar. Meşhur zenan aşpez palawy bişirmek üçin 200 halta tüwi ulandy.
Hilda Baçi ady bilen meşhurlyk gazanan aşpez 2023-nji ýylda 100 sagatlap nahar bişirip rekord goýupdy. Ol bu rekordynda her biri 30-35 adama ýetjek 100-den gazandan gowrak nahar taýýarlapdy. Şonda ol 35 görnüşli nahar bişiripdi.