Dünýäniň iň uly deňiz ýel elektrik bekedi bolan «Hornsea 3»-iň gurluşygyna başlandy. Taslamanyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň deňiz kenaryndan 120 kilometr uzaklykda jemi 231 sany ýel bekedi gurlar. Umumy önümçilik kuwwaty 2,9 GWt-a barabar bolan desga 3,3 million hojalygy arassa elektrik energiýasy bilen üpjün eder. «Siemens» kompaniýasynyň önümi bolan turbinalaryň beýikligi 260 metre barabar bolar. Bu bolsa, Demirgazyk deňzinde yzygiderli öwüsýän ýelden durnukly elektrik toguny öndürmäge mümkinçilik döreder. Maýa goýumyň umumy bahasy 8,5 milliard funt sterlingden hem gowrak bolar. Şu ýylyň ahyryna çenli uly böleginiň gurlup gutarylmagyna garaşylýan taslamanyň çäklerinde öndürilen elektrik energiýasyny geçirmek üçin 680 kilometre barabar bolan geçiriji çekiler. Taslamany durmuşa geçirýän Daniýanyň «Ørsted» kompaniýasynyň häzire çenli dünýäniň dürli ýerlerinde guran beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty ýyllyk 18 GWt-dan geçýär.
«Hornsea» taslamasynyň birinji tapgyrynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda başlanypdy. Eýýäm taslamanyň birinji we ikinji tapgyrynda önümçilik dowam edýär. Dünýäniň iň uly bitewi ýel elektrik bekedi boljak «Hornsea 3»-de geljek ýylyň başynda önümçilik ýola goýlar.
Serdar Agamyradow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









