Italiýanyň hökümeti Apennin ýarym adasyny Sisiliýa adasy bilen birleşdirjek dünýäniň iň uzyn asma köprüsiniň taslamasyny tassyklady. Uzynlygy 3,3 kilometre barabar bolan bu köprüde iki sany aýagy bolup, olaryň her biriniň beýikligi 399 metre deň bolar. Taslamanyň çak edilýän bahasy 13,5 milliard ýewro.

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni köpriniň gurluşygyna tutuş ýurt üçin strategik ähmiýetli taslama diýip baha berdi. Wise-premýer, ulag we infrastruktura ministri Matteo Salwini hem öz gezeginde, bu desganyň sebitleriň we umuman ýurduň ösüşini çaltlandyrjakdygyny aýtdy.

Köp sanly innowasiýalary öz içine alýan desganyň gurluşygy 6 ýyl dowam eder. Infrastrukturanyň özara baglanyşygyny üpjün etmek üçin 40 kilometrden gowrak ýol we demir ýol gurmak meýilleşdirilýär. Bu köpri Günorta Italiýanyň we tutuş ýurduň ösüşi üçin strategik ähmiýetli infrastruktura öwrüler we transýewropa ulag ulgamlarynyň döredilmegini tamamlamak meselesinde milli gyzyklanma döredýär. Ýatlap geçsek, bu taslama 1960-njy ýyllaryň ahyryndan bäri Italiýanyň hökümetiniň gün tertibinde boldy.