Häzirki wagtda Ýaponiýada ulanyjylara täjirçilik maksatly elýeter bolan internetiň iň ýokary tizligi 10 Gb/sekunt. Ýurduň «NTT East» korporasiýasy şu ýylyň mart aýyndan başlap, Tokioda 25 Gb/sekunt tizlikli internet hyzmatyny ýola goýjakdygyny mälim etdi. Şeýlelikde, ýurtda dünýäniň iň ýokary tizlikli interneti hödürlener.
Şeýle hem golaýda bu ýurtda barlaghana şertlerinde iň ýokary internet tizligi hasaba alyndy. Fiberoptik tehnologiýasy ulanylyp geçirilen synagda 1 petabit/sekunt (sekuntda 1 million gigabitden gowrak) tizlige ýetilip, bu ugurda dünýä rekordy goýuldy.
Näzik Döwranowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









