Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim maksatnamalaryny netijeli kämilleşdirmek, olary Türkmenistanda dil öwretmegiň tehnologik özgertmeleriniň häzirki döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmak babatdaky giň gerimli başlangyçlarynyň düýp mazmunyny we  wezipelerini açyp görkezmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek «TedxAshgabat» atly bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Her ýokary okuw mekdebinden bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar öz çykyşlaryny we degişli maglumatyny Düzgünnamada bellenen nusga laýyklykda dolduryp, 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli  ahmetnazar69@gmail.com elektron salga ugratmaly

Habarlaşmak üçin: +99365909929