1987-nji ýylyň 29-njy iýulynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Margaret Tatçer bilen Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň arasynda Iňlis kanalynyň (English Channel/Channel Tunnel) astyndan tunel gurmak barada ylalaşyk gazanylýar. Ýewropanyň gury ýer bölegi bilen Beýik Britaniýa adasyny demir ýol arkaly birleşdirýän ýerasty geçelge 1994-nji ýylda açylyp, ulanmaga berilýär. Uzynlygy 50 kilometrden gowrak bolan kanal suwasty demir ýol geçelgesi Angliýanyň Folkston şäherinden Fransiýanyň Kokel şäherçesine çenli uzaýar.
Kanaly iň çuň ýerinde deňiz düýbüniň 75 metr, deňziň ýüzüniň 115 metr aşagyndan geçýär. Tuneliň 37,9 kilometri deňziň aşagyndan geçip, bu ugurda dünýäde üçünji suwasty demir ýol geçelgesi hasaplanýar. Demir ýol otlularyň sagatda 200 kilometr tizlik bilen hereket etmegi üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa otlular iň köp 160 kilometr tizlik bilen hereket edýärler.