1972-nji ýyldan bäri UEFA-nyň guramaçylygynda geçirilip gelinýän UEFA Ýewropa Ligasy, ozalky ady UEFA Kubogy ýaryşynda “Tottenhamyň” ýeňşinden soň iňlis klublarynyň kubok sany 10-a ýetdi we bu ugurda italýanlar bilen deňleşdi. UEFA-nyň bu kubogyny iň köp ispan toparlary gazanyp, diňe “Sewilýanyň” 7 çempionlygy bar. “Interdir” “Ýuwentus”, “Liwerpul” hem-de “Atletiko Madrid” klublary 3 gezek çempionlyk gazandy.

Bu ýaryşda kubogy eýelän klublardan “Inter”, “Borussiýa M”, “Mançester Ýunaýted” 2, “Tottenham”, “Liwerpul”, “Ýuwentus”, “Anderleht”, “Baýer”, “Aýaks” toparlary-da 1 gezek finalda ýeňildi. Kubogy alyp görmedik toparlardan “Benfikadyr” “Marsel” 3, “Atletik Bilbao”, “Espanýol”, “Roma”, “Borussiýa Dortmund”, “Arsenal”, “Reýnjers” 2 gezek finalda ýeňildi. Şol sanda 24 klub 1 gezek finala çykyp, olara kubogy gazanmak başartmady.

 

UEFA Ýewropa Ligasyny, ozalky ady UEFA Kubogyny gazanan toparlar:

7 gezek: Sewilýa (Ispaniýa) – 2006, 2007, 2014, 2015, 2016, 2020, 2023.

3 gezek:  Inter (Italiýa) – 1991, 1994, 1998; Tottenham (Angliýa) – 1972, 1984, 2025; Liwerpul (Angliýa) – 1973, 1976, 2001; Ýuwentus (Italiýa) – 1977, 1990, 1993; Atletiko (Ispaniýa) – 2010, 2012, 2018.

2 gezek: Borussiýa M (Germaniýa) – 1975, 1979; Feýenoord (Niderlandlar) – 1974, 2002; Aýntraht (Germaniýa) – 1980, 2022; Gýoteborg (Şwesiýa) – 1982, 1987; Real Madrid (Ispaniýa) – 1985, 1986; Parma (Italiýa) – 1995, 1999; Porto (Portugaliýa) – 2003, 2011; Çelsi (Angliýa) – 2013, 2019.

1 gezek: Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 2017; Anderleht (Belgiýa) – 1983; Baýer (Germaniýa) – 1988; Aýaks (Niderlandlar) – 1992, PSW (Niderlandlar) – 1978; Ipswiç Tawn (Angliýa) – 1981; Napoli (Italiýa) – 1989; Bawariýa (Germaniýa) – 1996; Şalke 04 (Germaniýa) – 1997; Galatasaraý (Türkiýe) – 2000; Walensiýa (Ispaniýa) – 2004; SSKA Moskwa (Russiýa) – 2005; Zenit (Russiýa) – 2008; Şahtýor Donesk (Ukraina) – 2009; Wilýarreal (Ispaniýa) – 2021; Atalanta (Italiýa) – 2024