Italiýanyň çempionatynda 14-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Fiorentina” soňky çempion “Interi” 3-0 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 60-njy minutynda Luka Ranieri hasaby açsa, 8 minutdan soň Moýza Ken tapawutlandy. Ken 89-njy minutda-da toparynyň 3-nji, özüniň 2-nji goluny geçirip, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Inter” sentýabr aýyndan soň çempionatda ilkinji gezek ýeňildi. Olar sentýabrda “Milandan” 2-1 asgyn gelipdi. Şeýle-de “Inter” 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri ilkinji gezek çempionatda uly hasap bilen ýeňlişe sezewar boldy. Şonda “Napoli” öz meýdançasynda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
“Inter” bu ýeňlişden soň 51 utukda galyp, “Napoli” bilen deňleşmek mümkinçiligini elden giderdi. “Fiorentina” bolsa utugyny 42-ä çykaryp, 4-nji orna beýgeldi.
“Inter” bilen “Fiorentina” duşenbe gününde-de duşuşarlar. 24-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy bolan bu oýun 10-njy fewralda ýarygijeden soň, 00:45-de başlanar.