ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogynda “E” toparçada Italiýanyň Inter topary bilen Meksikanyň “Monterreý” topary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda meksikan kluby meşhur goragçy Serhio Ramosyň 25-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. “Inter” bu gola 42-nji minutda Lautara Martinesiň goly bilen jogap berdi.

Şeýle-de, “Riwer Pleýt” (Argentina) kluby ýaponlaryň “Urawa Red Daýmonds” toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda argentin toparynyň adyndan Kolidio 12, Driussi 48 hem-de Meza 73, ýapon klubunyň adyndanam Matsuo (58 p) tapawutlandy.

“F” toparçada “Fluminense” bilen “Borussiýa Dortmundyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady. Bu oýun şu ýaryşda golsuz tamamlanan 3-nji duşuşyk boldy. Günorta Afrikanyň wekili “Mamelodi Sandawns” koreýleriň “Ulsan HD” toparyndan Raýnersiň 36-njy minutdaky goly esasynda 1-0 utdy.