Germaniýanyň demir ýol edarasy (“Deutsche Bahn”) “Siemens” kompaniýasyna jemi 73 sany ýokary tizlikli “ICE 3 Neo” otlusyny sargyt etdi. Täze otlular uzak aralyga ýolagçy gatnatmakda peýdalanylar. Jemi bahasy 1,5 milliard ýewro bolan ylalaşygyň çäklerde öndüriljek demir ýol ulaglarynyň ilkinjileri ýylyň ahyrynda işe giriziler. Ozalkylardan has rahat boljak ulaglardaky umumy orun sany 32 müň bolar. Sagatda 320 kilometr ýol geçýän otlular mobil we internet aragatnaşygyny ýola goýmak üçin tolkun geçirýän materiallardan öndüriler. Ulaglaryň soňkusy 2029-njy ýylda ulanmaga berler.