Ýewropanyň statistika gullugy («Eurostat») Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň sanly gurşawy baradaky soňky gözlegiň netijelerini çap etdi.
Geçirilen barlaglarda koronawirus pandemiýasynyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň hemmesinde Bütindünýä torunyň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň ulanylyşynyň düýpli ýokarlanmagyna sebäp bolandygy ýüze çykaryldy. Geçen ýyl ýewropaly maşgalalaryň ortaça 91 göteriminiň giň zolakly internete elýeterliligi bolup, ABŞ-nyň ortaça derejesinden bary-ýogy bir göterim pes boldy.
Hasabata görä, soňky on ýylda ýewropaly maşgalalaryň internet elýeterliligi 17 göterim artyp, yzygiderli ösdi. Bütin dünýädäki ösüş 6 göterim boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň uly şäherlerinde giň zolakly internetiň umumy göwrümi 95,6 göterim boldy, emma ösüşinde birneme yza galan sebitlerde-de bu görkeziji 86 göterimden pes bolmady.