9-njy sent­ýabr­da «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze no­bat­da­ky se­ri­ýa de­giş­li smart­fon­la­ry­ny, sa­gat­la­ry­ny we gu­lak­lyk­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Se­ri­ýa tä­ze go­şu­lan «iP­ho­ne 17 Air» ozal­ky äh­li smart­fon­lar­dan ýu­ka­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «iP­ho­ne 17»-le­riň öň­ki ka­me­ra­sy ada­ty 4:3 öl­çe­gin­de däl-de, kwad­rat for­mat­da su­ra­ta al­ýan tä­ze sen­sor bi­len üpjün edi­lip­dir. Te­le­fon­la­ryň yz ta­ra­pyn­da ozal­ky ýyl­lar­da­ky ýa­ly üç ka­me­ra sen­so­ry bolup, ola­ryň üçüsi hem 48 MP du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şü­rip bil­ýär. Te­le­fon­lar­da «A19 Pro» çi­pi otur­dy­lyp­dyr. 3 nm öl­çeg­li bu çip­ler en­ja­myň has çalt iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Äh­li smart­fon­la­ryň ýa­dy­nyň azyn­dan 256 GB-dy­gy mä­lim edil­di.

«iP­ho­ne 17» 799, «iP­ho­ne 17 Air» 999, «iP­ho­ne 17 Pro» 1 müň 99, «iP­ho­ne 17 Pro Max» 1 müň

199 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Tä­ze en­jam­la­ry 12-nji sent­ýabr­da sar­gyt edip bol­ýar, 19-njy sent­ýabr­da bol­sa müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler.

«Akyl­ly» sa­gat­lar­dan «Watch Se­ri­es 11» 24 sa­ga­da çen­li zar­ýad sak­la­ýar. «Watch SE 3» bol­sa, «akyl­ly» kö­mek­çi «Si­ri» we çalt zar­ýad ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len. Sa­gat­la­ryň iň naý­ba­şy­sy bo­lan «Watch Ult­ra 3» sag­lyk, sport, howp­suz­lyk we ara­gat­na­şyk aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­la­nyp, zar­ýa­dy 42 sa­ga­da ýet­ýär. «Watch SE 3» 249, «Watch Se­ri­es 11» 399, «Watch Ult­ra 3» bol­sa 799 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan sa­tyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa sa­gat­la­ry we gu­lak­lyk­la­ry üçin sar­gyt ka­bul edip baş­la­dy.

Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze gu­lak­lyk­la­ry bol­sa, se­si ba­da-bat ter­ji­me edip bil­ýär. Eger te­le­fon­da gep­le­şil­ýän adam hem şeý­le gu­lak­lyk da­kyn­ýan bol­sa, si­ziň se­si­ňi­zi şol wagt ter­ji­me edip, söh­bet­de­şi­ňi­ze ýe­tir­ýär. Mun­dan ozal bu aý­ra­tyn­lyk «Go­og­le Pixel» gu­lak­lyk­la­ryn­da bar­dy. Tä­ze gu­lak­lyk­la­ryň ba­ha­sy 249 dol­lar.