Bahar pasly gelmegi bilen tebigat janlanyp, köp ýerde, agaçlar gül açyp, olaryň ysy daş-töwerege ýaýrap başlady. Gysga wagtda bu agaçlar miwe berip başlarlar. Adatça, ilki bilen, tut agajy miwe berýär. Soňra bolsa, erik agajy hasyl berip başlaýar. Turşy zatlary halaýan käbir adam erigi göklügine iýmegi gowy görýär. Erigiň beýleki köp miwelerde bolmadyk peýdaly taraplary bardyr. Erik sözi dürli dilde dürlüçe atlandyrylýar. Bu söz portugallara latynçadan geçip, ol “praecox” – “ir ýetişýän miwe“ manysyny berýär. Erigiň adynyň nireden gelip çykandygyna garamazdan, bu ösümligiň mekany Aziýa ýurtlary hasaplanýar. Erigiň miwesiniň düzüminde 10 göterim şeker, şeýle hem P, B1, PP, С witaminleri hem-de karotin bolýar. Terje erigiň düzüminde kaliý maddasy, fosfor we magniý bolýar. Bu mineral maddalar beýniniň damarlaryna täsir edip, onuň çalt işlemegine kömek edýär. Erigiň düzüminde bar bolan şepbik bolsa, bedenden toksini (mikroorganizmlerden döreýän zyýanly maddalar) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Erik nerw ulgamyny kuwwatlandyryp, ýadawlygyňy aýyrýar. Ony yzygiderli iýmek teniň ýygyrt bolmagynyň öňüni alýar görejiňi ýitileşdirýär. Erigiň ter miwesinden we onuň kişdesinden kompot taýýarlanýar. Kakadylan erik, esasan hem, gyş we bahar aýlarynda has köp iýilýär. Erigiň ganazlyga, gan aýlanyşy peslere, saçlaryň, dyrnaklaryň berkemegine kömek edýär.
Ir miwe berýän agaçlaryň biri bolan tut ýurdumyzyň ähli ýerinde has köp duş gelýär. Bu ösümlik diňe miwesi üçin däl, eýsem, ilatly ýerler bilen çöllük ýerleriň arasynda ýaşyl zolaklary döretmek üçin hem ekilýär. Onuň miwesi iýmit hökmünde, ýapragy ýüpek önümçiliginde ýüpek gurçugyna iýmit bolup hyzmat berýär. Peýdaly tarapy köp bolany üçin, ata-babalarymyz “Tut – melhem”, “Janyň tut ýaly sag bolsun!”, “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” ýaly aýtgylary döredipdirler.
Tut agajyndan dutar, gyjak ýaly saz gurallary, gap-çanak hem ýasalýar. Gaty, çeýe hem-de garamtyl goňur reňkde bolan tut agajynyň saýasy hem jana şypa beriji, gan aýlanyşa peýdaly hasaplanýar. Tut agajy durmuşda has peýdaly agaçdyr. Şol sebäpli adamlar howlusyna, ekin meýdanynyň, obasynyň töweregine tut ekýär. Tut örän çydamly bolup, daşlyk ýerde, düzde, sährada, hatda çölde hem ösýär. Tut agajynyň şahalarynyň örän dykyz we berkdigi sebäpli, ol çynar agajy ýaly beýik we owadan bolýar.
“Müň bir derdiň dermany” hasaplanýan tut agajynyň miwesi bolan tudana terligine iýlişi ýaly, ol guradylyp, gury ir-iýmiş hökmünde çaýyň ýany bilen hem iýilýär. Şeýle hem tudanadan toşap hem taýýarlanýar. Tut toşabynyň saglyk üçin peýdaly tarapy az däl.
Ýollaryň, ýaplaryň gyralaryna ekilen tut agaçlary dem alýan howamyzy tozandan arassalaýar, atyzlaryň gyralaryna hatar edilip ekilen tut agaçlary ekinleri ýalynly epgekden gorap saklaýar, ýüpek gurçugy üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Selbi Amanowa, Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mudirinin w.w ý.ý, uly mugallym.