Ru­my­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­ha­res­tiň go­la­ýyn­da dün­ýä­niň iň uly güý­men­je des­ga­la­ry­nyň bi­ri gur­lar. «Dracula­Land» at­ly tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 1 mil­liard ýew­ro sarp edi­ler. Top­lu­myň 2027-nji ýyl­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şä­he­riň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da gu­rul­jak top­lum 160 gek­tar meý­da­ny eýe­lär. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de meý­da­ny 780 müň ine­dör­dül metr bo­lan güý­men­je se­ýil­gä­hi, 22 müň 500 orun­lyk kon­sert we elekt­ron sport are­na­sy, je­mi 1 müň 200 otag­ly 3 sa­ny myh­man­ha­na, 50 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýän suw top­lu­my, söw­da mer­ke­zi, uzyn­ly­gy 4,5 ki­lo­metr­lik ýa­ryş ýo­da­sy we müň­den gow­rak iş or­ny bol­jak teh­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi gurlar. Top­lu­myň ýyl­da 3 mil­li­on myh­ma­ny ka­bul et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu ýer­de 5 müň­den gow­rak adam zäh­met çe­ker.

Idris Hajyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.