24-nji oktýabrda Irlandiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Ketrin Konnolli ynamly ýeňiş gazandy. Maglumatlara görä, onuň esasy bäsdeşi, merkezçi “Fine Gael” partiýasyndan Hizer Hamfris resmi taýdan ýeňlendigini mälim etdi. Sesler sanalandan soň, Konnolliniň sesleriň 64 göterimine, Hamfrisiň bolsa 29 göterimine eýe bolandygy habar berildi. “Fine Gael” partiýasy Irlandiýada dolandyryjy koalisiýanyň bir bölegi bolsa-da, olaryň dalaşgäri bu saýlawda garaşsyz bäsdeşini ýeňip bilmedi. Ses bermäge hukukly 3,6 million saýlawçynyň, takmynan, 40 göterimi saýlawlara gatnaşdy.
Ilki başda ýurduň onunjy Prezidenti wezipesine üç dalaşgär bäsleşýärdi. Ýöne Premýer-ministr Maýkl Martiniň “Fianna Fáil” partiýasyndan dalaşgäri Jim Gawin belli bir sebäplere görä, bäsleşikden çykdy. Onuň çekilendigine garamazdan, Gawiniň ady saýlaw býulleteninde galdy.
Irlandiýanyň Prezidenti dünýä arenasynda ýurda wekilçilik edýär, döwlet Baştutanlaryny kabul edýärler we ýörite konstitusion ygtyýarlyklardan peýdalanýar. Şol bir wagtyň özünde, Prezidentiň roly, esasan, dabaraly häsiýete eýedir, sebäbi onuň kanunlary ýa-da syýasaty kesgitlemäge ygtyýary ýok. Şeýle-de bolsa, saýlawlaryň netijeleri häzirki wagtda saýlawçylar tarapyndan haýsy pikirleriň we syýasatyň goldanylýandygyny aýdyň görkezdi.
Konnolli 1957-nji ýylda doguldy. Şu ýyllaryň dowamynda ol birnäçe döwlet wezipelerinde işledi, şol sanda Golueý şäheriniň häkimi, parlamentiň agzasy we wekiller palatasynyň başlygynyň orunbasary ýaly wezipelerinde işledi. Ol Prezident saýlawlaryna garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşdy. Konnolli 2011-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýeleýän häzirki Prezident Maýkl D. Higginsiň ýerine geçer. Ketrin Konnolliniň kasam kabul ediş dabarasy 11-nji noýabrda meýilleşdirilýär. Irlandiýanyň Prezidenti saýlawlar arkaly ýedi ýyl möhlete saýlanýar we ikinji möhlete gaýtadan saýlanyp bilner.
Irlandiýa Respublikasy – Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän, Irlandiýa adasynyň köp bölegini eýeleýän ýurt. Paýtagt Dublinde ýurduň ilatynyň dörtden bir bölegine golaýy (1,4 million adam) ýaşaýar. Ýurduň jemi ilaty 5,38 million töweregi adama deň.