25-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz iş kesilen 225 raýatymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.
Hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsi geçilýär, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler yzygiderli geçirilip durulýar. Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.