Islandiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlamak meselesi boýunça ählihalk referendumyny çaltlandyrylan tertipde geçirmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirýär diýip, “Politico.eu” neşiri ýurduň ÝB-ne girmäge taýýarlygy bilen tanyş bolan iki çeşmä salgylanyp habar berýär.
ÝB agzalygy baradaky gepleşikleri dikeltmek baradaky referenduma 2027-nji ýylda garaşylýardy, emma neşiriň çeşmeleriniň maglumatyna görä, ol eýýäm şu ýylyň awgustynda geçirilip bilner. Islandiýanyň parlamentiniň geljek birnäçe hepdede referendumuň senesini yglan etmegine garaşylýar.
Çeşmeleriň biriniň aýtmagyna görä, eger ýurduň ýaşaýjylary “makullaýarys” diýip ses berseler, olar beýleki islendik dalaşgär ýurtdan öň ÝB-ne girip bilerler. Islandiýa Ýewropa ykdysady zolagynyň agzasydyr we Şengen erkin hereket zolagyna girýändir, şonuň üçin hem onuň çäginde eýýäm köp sanly ÝB kanunlary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde, çeşmeler ÝB agzalygyna barýan ýoluň aňsat bolman biljekdigini duýdurýarlar.
“ÝB-ne girmek prosesi has soňky tapgyrlarda örän çynlakaý içerki syýasy päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup biler” diýip, Islandiýanyň öňki Prezidenti Gudni Ýohannesson belledi.
“Kagyz ýüzünde bu beýle bir kyn bolmaly däl; gepleşikleriň ähli bölümlerini ýapmak üçin bary-ýogy bir ýyl gerek bolup biler” diýip, ÝB-niň wekili aýtdy. Emma Islandiýadaky ýagdaýlar bilen tanyş bolan şahs gepleşikleriň käbir elementleriniň çylşyrymlylygyny göz öňünde tutanyňda, şeýle grafigiň aşa ambisiýaly boljakdygyny duýdurdy. Islandiýanyň ÝB-ne hakyky girmegi üçin ýene bir referendum geçirmek gerek bolar.
Islandiýa ÝB-ne girmek üçin arzasyny 2009-njy ýylda, maliýe krizisiniň iň gyzyşan wagtynda beripdi. Emma ýurduň ykdysadyýeti çalt dikelip başlanda, hökümet 2013-nji ýylda gepleşikleri doňdurdy. 2015-nji ýylda Islandiýa özüni mundan beýläk ÝB-ne dalaşgär ýurt hökmünde garamazlyklaryny haýyş etdi. Emma geosyýasy ýagdaý soňky on ýyllygyň dowamynda düýpli üýtgedi.
PDF









