Madriddäki (Ispaniýa) San Karlos klinik hassahanasynda androjenik alopesiýany (saç dökülmesini) bejermegiň täze usuly işlenip düzüldi. “Lukmanlar laboratoriýa şertlerinde saç ösdürip ýetişdirmegi öwrendiler” diýip, “Nýu-York Post” gazeti “Stem Cell Research and Therapy” ylmy žurnalynda çap edilen makala salgylanyp ýazýar. Barlag geçirijileriň arasynda hassahananyň dermatologiýa bölüminiň başlygy Eduardo Lopes Bran bar.
Synaglar syçanlarda geçirildi we hünärmenler ýag dokumalaryndan we ATF energiýa molekulalaryndan sütün öýjüklerini aldylar. Tejribe geçirilýän erkek syçanlaryň hemmesiniň sütügi täzeden ösüp çykdy. Şunuň bilen birlikde olaryň ýarysynyň tüýüniň intensiw ösüşe eýe bolandygy belli boldy. Urkaçy syçanlarda 90% ýagdaýlarda tüýüň ösmegi hasaba alyndy.
Indiki barlaglaryň netijeleri meýletinçileriň gatnaşjak synaglarynda belli bolar.