FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň ähli yklymlardaky saýlama duşuşyklarynyň esasy tapgyry tamamlandy we gatnaşjak 48 ýygyndynyň 42-si belli boldy. Galan 6 topar üçin bolsa geljek ýylyň mart aýynda pleý-off duşuşyklary geçiriler.
UEFA zolagynyň 2-nji saýlama tapgyrynyň, has takygy, pleý-off duşuşyklarynyň bijeleri çekildi. 12 toparçada 2-nji ýeri eýelänler bilen UEFA Milletler Ligasynda-da şowly netije görkezen 4 ýygyndy pleý-off tapgyrynda çykyş eder.
Bijä laýyklykda, “A” geçelgede mundan öňki 2 ýaryşyň daşynda galan Dünýäniň 4 gezek çempiony Italiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji sapar janköýerlerini gynandyrmajak bolsa ilki Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysyny ýeňmeli bolar. Italýanlar finala çykan ýagdaýynda Uelsiň ýa-da Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýeri gelende bellesek, Italiýanyň ýygyndysyna soňky 2 Dünýä Kubogyna pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanyp bilmändigi üçin gatnaşmak başartmady. Olar Russiýa 2018-e Şwesiýadan, Katar 2022-ä Demirgazyk Makedoniýadan asgyn gelipdi we ilki Russiýadaky, soňra Katardaky Dünýä Kubogy ýaryşlaryna gatnaşyp bilmändi.
“B” geçelgede Ukraina bilen Şwesiýanyň ýygyndylary hem-de Polşa bilen Albaniýanyň ýygyndylary bije çekişdi. Ýeňiş gazanan 2 topar finalda duşuşar.
“C” geçelgede Türkiýe bilen Rumyniýanyň hem-de Slowakiýa bilen Kosowonyň milli ýygyndylary duşuşarlar. Ýeňijiler finalda Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin özara göreşerler.
“D” geçelgede Çehiýa bilen Irlandiýanyň milli toparlary duşuşyp, ýeňiş gazanan topar Daniýanyň ýa-da D. Makedoniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen finalda özara güýç synanyşar.
Ýarym final duşuşyklary 2026-njy ýylyň 26-njy martynda oýnalsa, final duşuşyklary 31-nji martda geçiler. Şeýlelikde, Ýewropadan gatnaşjak 16 toparyň ählisi hem tamamlanar.
“A” geçelge: Italiýa – D. Irlandiýa, Uels – Bosniýa we Gersegowina
“B” geçelde: Ukraina – Şwesiýa, Polşa – Albaniýa
“C” geçelge: Türkiýe – Rumyniýa, Slowakiýa – Kosowo
“D” geçelge: Daniýa – D. Makedoniýa, Çehiýa – Irlandiýa
PDF









