Italiýanyň Premýer-ministriniň Astana we Samarkanda eden sapary wagtynda strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin şertnamalara, şeýle hem möhüm çig mal we migrasiýa ýaly dürli ugurlarda birnäçe şertnamalara gol çekildi.
Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň Astana eden sapary wagtynda Italiýa we Gazagystanyň arasynda jemi 4 milliard ýewro barabar birnäçe şertnama gol çekdi. Taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa we suw ätiýaçlyklarynyň dolandyryşy ýaly dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandyklary habar berildi. Astanada geçirilen halkara forumda çykyş eden Meloni, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
-Bu sapary diňe bir teswirnama bolman, eýsem möhüm bir sapar hasaplaýaryn. Halklarymyzy birleşdirýän dostlugy berkitmek, köp möhüm pudaklarda strategiki hyzmatdaşlygymyzy berkitmek isleýäris. Italiýa Merkezi Aziýa maýa goýmak kararyna gelen ilkinji Ýewropa Bileleşiginiň ýurtdy boldy – diýip, Meloni forumda eden çykyşynda belledi.
Ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk baradaky jarnamadan başga-da, ýurtlaryň ýolbaşçylary möhüm minerallar we çig mal baradaky resminamalara gol çekdiler.
Tokaýew: Italiýa Gazagystanyň esasy söwda hyzmatdaşy
-Şu günki duşuşyk köp ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine örän çynlakaý we güýçli itergi berýär. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň ösmegine uly ähmiýet berýäris. Italiýa Gazagystanyň üçünji uly söwda hyzmatdaşy we Ýewropa Bileleşiginiň iň uly hyzmatdaşydyr – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Meloni bilen bolan duşuşygynda aýtdy.
Resmi maglumatlara görä söwdanyň mukdary 20 milliard dollara ýetdi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary nebit-gaz pudagy, energiýa (täzelenip bilýän we “ýaşyl” energiýa goşmak bilen), suw ätiýaçlyklarynyň dolandyrylyşy, maşyn gurluşygy we agrosenagat toplumydyr.
Rimiň ady dakyldy
Meloni Astana saparyndan öň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Samarkantda gepleşik geçirdi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky jarnama gol çekdi, şeýle hem möhüm çig mal we migrasiýa babatynda birnäçe şertnamalara gol çekildi.
Italiýanyň Premýer-ministriniň sapary mynasybetli Samarkanddaky köçeleriň birine Italiýanyň paýtagtynyň ady dakyldy. Prezident Mirziýoýew bu kararyň iki ýurduň arasyndaky çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary, şeýle hem Özbegistan we Italiýa halklarynyň arasyndaky dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşanydygyny aýtdy. Meloni we Mirziýoýewiň arasyndaky duşuşykda Italiýa bilen Özbegistanyň umumy bahasy 3 milliard ýewrodan gowrak bolan şertnamalaryň baglaşylmagyny göz öňünde tutýan jarnama gol çekildi.